BAGTLY ÇAGALYGYŇ MEKANYNDA

    Düýn Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň bilelikde guramagynda dabaraly medeni çäre geçirildi.

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen bu çärä Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän orta mekdepleriň okuwçylary hem-de çagalar baglarynyň körpeleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

    Teatryň sahna ussatlary tarapyndan görkezilen sahna oýunlaryna ýaş türkmenistanlylar elleri şarly işjeň we bagtyýar gatnaşdylar. Munuň özi eziz Watanymyzyň bagtly çagalygyň we olaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY