BEÝIK ŞAHYRA BAGYŞLANDY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň medeniýet merkezinde şanly ýylymyz hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Dünýe içre sarpaň belent, Pyragy» atly aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabara özboluşly şatlyk-şowhunly ýagdaýda geçdi. Onda etrabyň medeniýet-sungat ussatlary Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Çärede edilen çykyşlaryň özenini bolsa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary baradaky gürrüňler düzdi.

     Dabara gatnaşanlar eziz Watanymyzyň ösüp-özgermegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Mährijemal TOÝMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar