7-nji iýunda Ahal welaýatynda galla oragyna girişildi. Şu mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň golaýyndaky meýdançada bolan dabara hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi. Ol ýerde aýdym-saz, tans-halk döredijilik çykyşlaryna giň orun berildi, oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri açyp görkezýän sergiler guraldy, milli tagamlar taýýarlandy, sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Il sylagly, dili senaly ýaşulularyň ýagşy arzuw-dilegler bilen, ekin meýdanynyň bir çetinden girip, galla oragyna badalga bermegi dabaranyň iň ýatda galyjy we ýakymly pursatlary boldy. Bu pursat şowhunly elçarpmalar bilen dabaralandyryldy. Şondan soňra kuwwatly däne orujy kombaýnlar hem hatar gurap, giň gözýetime uzap gidýän bol hasylly meýdana girdiler. Bu pursat welaýatymyzyň gallaçylarynyň däne oragyna köpçülikleýin girişendiklerini alamatlandyrdy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň gallaçylary 195 müň gektardan guşgursak ak bugdaýyň 400 müň tonnasyny almagy belent borç edindiler. Bu şanly gündäki dabara olary aýgytlaýjy günlerde has-da hyjuwly işläp, belent maksada ýetmäge ruhlandyrdy. Biz—Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, möwsümiň barşynda ýaş gallaçylaryň armasyny ýetirip, öňdebaryjylary höweslendirmegi meýilleşdirýäris.
Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.