PYRAGA BAGYŞLANYP «TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GURALDY

      Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň medeniýet merkezinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy hem-de beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Magtymguly» atly ajaýyp eseriň çapdan çykmagy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy – zehinlerimiziň ylham çeşmesi» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Ondaky edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen, gözel paýtagtymyzda gurlan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we onuň dabaraly açylyşy, dünýä döwletlerinde oturdylan Magtymguly Pyragynyň heýkelleri, beýik akyldaryň ajaýyp eserleriniň ýaşlarda mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüni terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt hem-de bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmäge ýardam edýändigi barada giňişleýin belläp geçdiler.

      Söhbetdeşlige gatnaşanlar akyldar şahyryň öwüt-ündewe eýlenen döredijiligini öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän, edebi mirasymyzyň hak howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Serwi AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar