«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYK

      Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek maksady bilen, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň açylşy, mynasybetli, «tegelek stoluň» başynda ýokary okuw jaýynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

      Duşuşykda edilen çykyşlarda diýlişi ýaly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň batly depginler bilen dowam edýän hemme taraplaýyn ösüşleri, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan, parasatly başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Bu gün ýurdumyz dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulýar. Aýratyn hem, nebitgaz, energetika pudaklarynda durmuşa geçirilýän netijeli işler, gazanylýan durnukly ösüşler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

      Şu nukdaýnazardan ugur alyp, 5-nji iýunda Daşoguz welaýatynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylyşa girizilen her biriniň güýjenmesi 500 kw bolan «Daşoguz — Balkan» ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisi we beketleri hem bu ugurdaky alnyp barylýan maksatnamalaryň nobatdaky möhüm tapgyry boldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň energetika pudagy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen soňky ýyllarda batly depginler bilen yzygiderli ösdürilýär, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Şeýle üstünlikli ösüşleriň ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alanlygy mähriban halkymyzda egsilmez guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär.

      Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Daşoguz welaýatynda täze energetika desgalarynyň, şeýle hem Daşoguz şäherinde 4 gatly 4 öýli, 16 öýli, 24 öýli we 36 öýli, 4 sany 4 gatly 16 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy, hormatly Prezidentimiziň adyndan welaýatyň ýaşaýjylaryna täze awtoulaglaryň sowgat berilmegi şanly ýylymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

      Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar baky bagtyýarlygy, asudalygy peşgeş beren ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar