Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi Gubadag şäher medeniýet merkezinde, Gubadag şäher kitaphanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik gurady. Onda edilen çykyşlarda milli aýratynlyklarymyz, hiç bir halkyňka meňzemeýän, owadan reňkleri bilen aýratyn tapawutlanýan ajaýyp nagyşlarymyz, henize bu güne çenli elde dokalyp gelinýän keteni, sowsany, göwderi, daraýy, galbiri, şahyjan, gije-gündiz ýaly matalarymyz barada giňişleýin hem-de buýsançly gürrüňler edildi.
Serdar GARLYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.