Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki «Gara altyn» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň oňat dynç almaklaryny, olaryň wagtlaryny täsirli we gyzykly geçirmeklerini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek, sport bilen meşgullanmaklaryny hem-de medeni köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, çagalaryň arasynda «Garaşsyz, Bitarap, eziz Diýarda, ýaňlansyn elmydam çaga gülküsi!» ady bilen sportuň tanap çekmek, uzak aralyga ylgamak ýaly görnüşleri boýunça şadyýan bäsleşikler hem-de kompýuter oýunlarynda sowatlylygy barlamak boýunça ýaryşlar geçirildi. Geçirilen bäsleşiklere çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Baýramgül ESENOWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň
şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.