WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda şäheriň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak boýunça adamzadyň maddydäl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylyk ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasynyň görnüşleri dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Çykyşlaryň her birinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.

 

Maýagül GARAJAÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar