ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIKLERI

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşik geljegiň eýeleriniň arasyndan zehinli ýaşlary — alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil hakdaky taýsyz aladasynyň esasynda bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň gyzyklanmasy has-da artýar. Bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar ynsanperwer ylymlary, himiki tehnologiýalar, molekulýar biologiýa, ýurdumyzyň ylmynda nanotehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet ýaly ileri tutulýan ugurlarda özleriniň taslamalaryny we ylmy-barlaglaryny, innowasion işläp taýýarlamalaryny hödürlediler.

Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän ylmy bäsleşikde ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 107-si ýeňiş gazandy. Şolaryň içinde sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde zähmet çekýän ýaşlaryň bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Bu bolsa, ýaşlaryň şäheri adyna eýe bolan Arkadag şäherinde zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlaryň geljekde ylymda, bilimde we beýleki ugurlar boýunça öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmäge ruhlandyrýar.

Ýeňiji bolan ýaş alymlary sylaglamak olaryň zehinine döwlet tarapyndan berlen ýokary baha we ykrarnamadyr.

Bu şanly senede öz ukyp-başarnyklarynyň, ýiti zehinleriniň, döredijilik gözlegleriniň esasynda ýeňiş gazanmagy başaran ýaşlar ýaş nesliň terbiýeli, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin bimöçber uly işleri durmuşa geçirýändigi hem-de döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýändigi üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşly sözlerini beýan etdiler.

 

Beýzali ATAÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

20 Sentýabr 2024 | 1 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI

17 Sentýabr 2024 | 75 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 78 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR