SAGDYNLYK, BELENT RUH – GELJEGIŇ ÖSÜŞLERINE BADALGA

     Golaýda şeýle sport şygary bilen, “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz şäher hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde, sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşige çagalar ýokary islegli gatnaşdylar. Gyzykly geçen bäsleşikde küşt boýunça 1-nji ýere Mukam Amangeldiýew, Muhatgeldi Muhadow 2-nji ýere, Muhammedali Yhtyýarow 3-nji ýere, şaşka boýunça Babur Bazarbaýew 1-nji ýere, Begenç Rejepbaýew 2-nji ýere, Mömin Nurmanow 3-nji ýere mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa işjeň gatnaşanlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Jennet GULMYRADOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar