GALLALY IL — GALKYNAN IL

       Günsaýyn ösýän güneşli ýurdumyzda şu günler galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzda esasy azyklyk ekin bolan bugdaýy ýetişdirmek, azyk bolçulygyň, rysgal-döwletliligiň aýdyň nyşany, berekediň binýady bolup durýar. Keramatly türkmen  topragyna atan her bir dänäň ýüz, müň bolup öz rysgal berekedi bilen gaýdyp gelýär. Bu topragyň üsti hem asty hem hazynadyr. Şeýle kerem-keramatly topragyň barka biz ýaşlar hem türkmen adyny uly buýsanç bilen göterip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda durmuşda ýaşaýandygymyza buýsanýarys.

       Il sylagly ýaşulularymyzyň bereket eçilýän meýdanlarda bolup, galla oragyna ak pata bermekleri, tejribelerini ýaşlar bilen paýlaşmaklary lebaply ak ekin ussatlarynyň güýçlerine güýç, gaýratlaryna gaýrat goşdy. Keramatly toprakda guşgursak ak bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getiren lebaply babadaýhanlarymyz hem arly ýyl der dökülip ýetişdirilen hasyly gysga möhletde ýygnap almak ugrunda agzybirlikde tutanýerli zähmet çekýärler. Säher bilen zähmet joşýan bugdaýly pelleri, barha beýgelýän tylla öwüşginli galla harmanlaryny göreniňde alyn derin döküp, yhlas edip işleýän kärendeçilere, kuwwatly kombaýynçylara, sürüjilere, garaz, oba zähmetkeşleriniň ählisine uly buýsanç bilen «Armaweriň,harmanyňyza bereket!» diýesiň gelýär. Galla oragy möwsüminde uly ruhybelenlik bilen zähmet çekýänleriň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa bizi has-da buýsandyrýar, begendirýär.

       Şu günler halkymyzyň rysgally, saçagynyň berekedi hasaplanýan ak bugdaýyň hasylyny zaýasyz ýygnap, öz wagtynda döwlet harmanyna tabşyrmak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek ugrundaky bu asylly işlere gadymy Jeýhuny etekläp oturan Lebap welaýatymyzyň zähmetsöýer adamlary hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Guramaçylykly girişilen bu işlerde hakyky zähmet gaýnap joşýar. Babadaýhanlarymyzyň ene ýerden bol hasyl almaklary üçin bolsa döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilendir.

       Goý, ene ýerden zer öndürýän babadaýhanlarymyzyň harmanlary gün-günden beýgelsin! Türkmenistan Diýarymyz güllesin we gül açsyn, toýlarymyz toýlara ulaşsyn!

Şemşat HOŞYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA