Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sportuň ylgamak, tanap çekmek we tennis görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalar geçirilen bu sport bäsleşiklere höwes bilen gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnygyny, ugurtapyjylygyny görkezdiler. Sport ýaryşynda ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar körpe nesiller tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly şadyýan hem-de netijeli geçirmeklikleri üçin döredilip berilýän şeýle mümkinçilikler, şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet
we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.