Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilen guramagynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlandy.
Söhbetdeşligi TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýnagözel Annamyradowa alyp bardy hem-de şanly ýylymyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan dabaralandyrylmagynyň ähmiýeti barada gürrüň etdi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün söz sungatynyň ussady Magtymguly Pyragynyň mertebesiniň has-da belende galýandygy dogrusyndaky buýsançly söhbedine giň orun berildi. Olar Tejen etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny, dürli temadaky şygyrlaryny ýaşlara ýetirmekde alyp barýan wagyz-nesihat işleri dogrusynda hem belläp geçdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar berkararlyk arzuwyny ýürek aýdymyna öwren Magtymgyly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Röwşen HOJAGULYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap
Geňeşiniň bölüm müdiri.