MAŞGALAM – BAŞ GALAM

     Golaýda Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Büzmeýin etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Maşgalam – baş galam» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda her bir maşgalanyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda belläp,.pederlerimizden gelýän maşgala mukaddesligi ýaly asylly ýörelgelerimizi gorap saklamagyň her birimiziň mukaddes borjumyzdygyny nygtadylar. Çäräniň ahyrynda her bir maşgalanyň parahat we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Gülnar GURBANOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň

uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

17 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýun 2025 | 1 okalan

IŇ GOWY TAÝÝARLYKLY SANITAR TOPARY