Bilimli ýaşlary Watanymyzyň kuwwatly güýjüne deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň kämil bilimleri ele almagy, olaryň her biriniň watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan habarly, öňdebaryjy tehnikadyr tehnologiýalara ussatlarça erk edýän nesiller hökmünde kemala gelmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmekde alnyp barylýan döwlet syýasatyna işjeň gatnaşylyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän guramanyň işgärleri, işjeň agzalary tarapyndan meýilnamalaýyn işler, şol sanda wagyz-nesihat çäreleri, maslahat-duşuşyklary, döredijilik çäreleri, bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri-de, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «Arkadag» teleýaýlymynda yzygiderli ýazgy edilýän «Bilimli ozar» bäsleşiginiň täze sany ýazgy edildi. Oňa Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen berk düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, berk bedenli, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli geçirmelidiris» diýen paýhasly öwüdinden ugur alnyp geçirilen bäsleşikde ýaşlar zehin sowallaryna jogap bermek arkaly özara bäsleşdiler.
Her bir sowala joşgunly we ynamly jogap berýän ýaşlar Watanymyzyň geljeginiň ynamly ellerdedigini aýdyň subut edýärler. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!
Mekan AMANLYÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygy.