«ARKADAG» ÝYLDYZYNYŇ DEGIŞLI GÜWANAMASY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETINE GOWŞURYLDY

     Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylmagy hem-de ony tassyklaýan degişli güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň bu ýokary okuw mekdebine gowşurylmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

     «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, maslahata ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professor-mugallymlary, şeýle-de uniwersitetiň talyplary gatnaşdylar. Hoşallyk maslahaty bilen ugurdaşlykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda kitaplaryň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, talyplaryň halkara, döwlet derejesinde geçirilen ylym-bilim, taslama-döredijilik bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisi hem guraldy.

     Degişli güwänamanyň, teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň ýurduň baýry ýokary okuw mekdebine gowşurylmagy Pegas ýyldyzlar toparyna degişli, «Arkadag» diýlip at goýlan ýyldyz baradaky maglumatlar bilen ilaty giňden tanyşdyrmakda ähmiýetlidir. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, fizika-matematika, tehniki ylymlar, astronomiýa boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýan bu uniwersitetde asman jisimlerine gözegçilik etmek, olary öwrenmek babatda hem zerur mümkinçilikler bar.

     Ýokary okuw mekdebinde astronomiýa hünärini öwrenýän talyplar halypa mugallymlardan alan nazary bilimlerini uniwersitetiň degişli binalarynda bar bolan teleskoplardan peýdalanmak, şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň obserwatoriýasynda geçirilýän gözegçilikler arkaly tejribede berkidýärler diýlip, habarda bellenilýär.

 

turkmenportal.com