Häzirki jogapkärli möwsüminde galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymgly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýeti bölümi tarapyndan zähmetkeşleriň arasynda höweslendiriş işleri geçirilip, olaryň armasy ýetirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň golaýyndaky meýdan düşelgelerinde günorta arakesme wagtynda geçirlýän aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabaralary gallaçylara aýratyn ruhubelentlik berýär, olary ajaýyp zähmet ýeňşine ruhlandyrýar.
Etrabyň «Parahat» daýhan birleşiginiň çägindäki meýdan düşelgesinde geçirilen nobatdaky medeni-dynç alyş dabarasy ýakymly duýgulary döretdi. Gallaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, awtoulag sürüjileriniň we häzirki gyzgalaňly möwsüme dahylly beýleki zähmetkeşleriň gatnaşmagynda bolan dabarada çykyş edenler berkarar Watanymyzda azyk bolçulygynyň pugtalanmagynda gallaçy daýhanlaryň ornunyň uludygyny belläp geçdiler. Şonuň bilen baglylykda, gallaçylara häzirki jogapkärli möwsümi guramaçylykly alyp barmak bilen, çalt we gysga wagtda tamamlamagy we zähmet üstünligini gazanmagy arzuw etdiler.
Etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdymdyr sazlary, teatr studiýasynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy meýdan düşelgesindäki şowhuny has-da belende göterdi. Dabaranyň dowamynda galla oragynda tapawutlanýan zähmetkeşlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.