DURMUŞYŇ – GYMMATY SAGLYK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda ýaýlyma berilýän «Durmuşyň gymmaty – saglyk» atly gepleşiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökdere jülgesindäki «Çynar» dynç alyş merkezinde ýazylan gepleşigiň bu sanynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar bilen ýakyndan söhbetdeş bolundy, olaryň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.

     Gepleşigiň dowamynda çagalar bilen olaryň çeken suratlary, döreden ajaýyp el işleri dogrusynda söhbet edildi. Çagalaryň buýsançly çykyşlarynyň her birinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlar belentden ýaňlandy.

 

Ajap BAÝGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar