Golaýda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat adalat edaralary bilen bilelikde, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de ýaşlaryň hukuk medeniýetiniň we sowatlylygynyň ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda “Ýaşlar we hukuk medeniýeti” atly maslahat geçirdi. Oňa Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri hem-de işjeň agzalary, Daşoguz welaýat adalat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler eziz Diýarymyzda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda kabul edilen Kanunlar we Kararlar barada giňişleýin hem-de buýsançly belläp geçdiler.
Mämmetjan BABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.