TELEKEÇILIGE GIŇ GOLDAW

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiz ählitaraplaýyn ösüş ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary ösüşlere eýe bolmak bilen, ykdysady mümkinçilikleri barha ýokary galýar we dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bolsa watandaşlarymyzyň kalbynda joşgunly zähmet çekmäge bolan hyjuwy döredýär. Ýurdumyzda telekeçiligi, hususyýetçiligi, şol sanda hususy önümçiligi goldamak maksady bilen, amala aşyrylýan çäreler hem özüniň oňyn miwesini berýär. Häzirki wagtda, ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde döwlete dahylsyz pudagy ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär.

     Ykdysadyýetiň ählumumylaşýan şertlerinde dünýä hojalygyna birikmek, halkara zähmet bölünişiginde öz mynasyp ornuňy tapmak meselesi ösüş ýoluny saýlan türkmen döwleti üçin uly ähmiýete eýedir. Ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasy hojalygy ýöretmegiň dünýäde ykrar edilýän usullaryndan ugur alýar we bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Dünýä derejesinde bolup geçýän ykdysady hadysalaryň we täsirleriň döwletleriň milli ykdysadyýetine edýän täsiri ylymda we tejribede subut edilen hakykatdyr. Türkmen ykdysadyýetiniň ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, bazar ykdysadyýetine geçmegiň bir ugry hökmünde hususy telekeçilige uly orun berilýär.

     Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligiň berk binýady kemala getirilýär. «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagynyň netijesinde, erkin ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ýeňillikli salgyt syýasaty, ýeňillikli karzlaryň berilmegi telekeçiligi ösdürmäge ýardam berýän mümkinçiliklerdir. Şunlukda, telekeçiligiň milli kanunçylyk binýadyny emele getirmek, söwda işiniň hukuk esaslaryny dünýä ülňülerine laýyklykda amala aşyrmak meselesi häzirki döwürde öz ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Syýasy durnuklylyk, telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy onuň uzakmöhletleýin häsiýete eýe boljakdygyny aýdyň görkezýär.

      Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe öz milli aýratynlyklaryny nazara alyp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ylaýta-da, telekeçilige döwlet tarapyndan uly goldawlaryň berilýändigini görkezmegiň we telekeçilikde dünýä tejribesini önümçilige ornaşdyrmagyň wajyp orna eýedigini aýratyn bellemelidiris. Hususy ulgamda zähmet çekýän her bir raýatymyz döwletimiz tarapyndan goldanylýar. Ýurdumyzda mümkin boldugyça importyň möçberini azaldyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek üçin öz goşantlaryny goşýan ildeşlerimiziň biri-de ýaş telekeçi Nepes Rozyýewdir. Onuň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesinde hususy kärhanasynda mebelleriň dürli görnüşleri öndürilip, halkymyza elýeterli bahadan hödürlenilýär. Bu ýerde ýaşlaryň aglabasynyň zähmet çekýändikleri aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri bolup ýaş telekeçileriň arasynda, ýurdumyz tarapynda telekeçilere berilýän ýeňillikleri, telekeçilik ulgamynda alnyp barylýan işleri wagyz edip, olaryň armasyny ýetirýäris.

      Halal zähmet çekýän telekeçiler, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY