Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşinde ilkinji guramalaryň başlyklarynyň we işjeň agzalaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşygyň esasy maksady etrapda ýaşlar bilen geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini gazanmakdan we işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Duşuşykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynda göz öňüne tutulan wezipeleriň gyşarnyksyz durmuşa geçirilýän häzirki şanly günlerimizde ýaşlaryň aýratyn alada bilen gurşalandygy, olaryň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, döretmegi ugrunda ajaýyp şertleriň we mümkinçilikleriň bardygy, şolardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdylanlar has-da täsirli boldy. Duşuşykda ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmagyň ýollary barada çykyşlar diňlendi hem-de ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Azat HALMYRADOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.