Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň medeniýet öýünde “Ähli ömürleriň we ähli döwürleriň şahyry” atly şygar astynda “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik gurady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň işjeň agzalary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň beýik akyldary Magymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän döwlet we halkara derejesindäki çäreler dogrusynda giňişleýin bellenildi. Şeýle çäreleriň çäklerinde, goňşy Gazagystan döwletiniň paýtagty Astana şäherinde beýikligi 8,5 metre barabar Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ýurdumyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşandyklaryny, bu dabaranyň iki sany goňşy halkyň arasynda asyrlar boýy dowam edip gelýän medeni gatnaşyklaryň has hem belent derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda ýadawsyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Täjigül GYLYJOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.