JEMGYÝETÇILIK GURAMALARY JEMGYÝETIŇ ARASYNDA

     27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, saparyň çäginde geçiren iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygy, täze taryhy döwürde bellenilýän şanly seneleriň milli ýörelgelere laýyklykda dabaralandyrylmalydygyny nygtady.

     Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu günler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarydyr syýasy partiýalary tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini giňden wagyz etmek, bu syýasy-jemgyýetçilik çäresine her bir adamyň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary yzygiderli guralýar.

     Şeýle çäreleriň biri-de şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi. «Halk Maslahaty – halkyň baýramy» ady bilen geçirilen bu maslahatda dürli ulgamlardan gelen wekilleriň çykyşlary diňlenildi. Olarda türkmençilik ýol-ýörelgeleri esasynda geçirilýän Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, döwrebap mümkinçilikleri, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda buýsançly gürrüňleri etdiler. Şeýle hem halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY