SALGYM

     Jokrama jöwzaly tomus günleriniň birinde ataly-ogul giň sähra gezelenje çykypdyr. Gün dik depä galyberende olar çölüň jümmüşine aralaşan ekeni. Şol ýerde düşlemek isläp, arkalaryndaky goş-golamlaryny, iýip-içgilerini ýerleşdiripdirler. «Bu ýollary geçmek aňsadam däl ekeni. Ýöne täze zatlary bilmek, görmek, öwrenmek höwesi ol kynçylyklardan rüstem gelýär. Men bu ýere gelenime örän şat» diýip, ogly ýüregindäki begenjini mälim edipdir. Giňiş sährada, ýaýylyp ýatan ýaýlada, töwerekde ataly-oguldan başga janly-jemende hem ýok ekeni. Tebigatyň howruna çoýunyp, okuw, ylym-bilim, dünýä, durmuş hakdaky mesawy söhbete çümüp oturyşlaryna gün öýleden agypdyr. Iýip-içgiler hem tükenipdir. «Oglum, sabyr etmesek boljak däl, bir içimlik suw hem galmandyr. Howa salkynlaberende yzymyza döneris, ýogsam, bu tüp yssyda halys egbarlap, ýöremäge-de rowgatymyz galmaz» diýipdir. Emma wagt geçdigisaýy, üstesine-de suwuň ýokdugyny bilip duran ogul has beter suwsap başlapdyr. Bir owurt suw galanlygynda, içmän oňsa-da, kanagat etjek welin, onuň ýoklugy oglanyň ýüregini howsala salypdyr. «Ata, belki, şu tarapa ugur alarys, görýärmiň, hanha ol ýerde, ýaýylyp ýatan deňiz bar ýaly-la, häli gözümize ilmändir» diýip, oglan dillenipdir. «Her bir zat gerekli wagty gözümize ilýän ekeni, ýogsam, häliden bäri şol tarapa seredip otursagam, hiç aňşyrmandyrys» diýip, oglan begenipdir. «Ýok, oglum, ol ýaýylyp ýatan zat deňiz däl-de, salgym. Üstesine, has jöwzaly günlerde teşneleriň nazaryna ilýän ilkinji zat şol. Sebäbi teşne adam suwa mätäç. Salgym bilen aralykda dessine aşyp boljak bir menzil görünýändir, emma, sen şoňa tarap süýşdügiňçe, ol hem şonça aňryk süýşer we oňa eňek basmak hergiz miýesser etmez. Suwa teşne mahalyň, salgyma kowalaşmaly däldir» diýipdir. Atasy her näçe düşündirmäge çalyşsa-da, oglan tiňkesini dikip, asuda tolkunly şol «deňze» seredip otyrmyşyn. Gün ikindiden agypdyr. Iňrik garalyp ugraberende, ýaňky deňiz hem gözden ýitip başlapdyr. «Görýärmiň, oglum, biraz sabyr etsek, bizi aldaýan salgymlar hem gözden ýitjek ekeni. Eger-de häli yzyna düşüp, ugruna eňen bolsak, bujagaz güýjümizi ýitirip, ysgyn-mydardan gaçardyk. Indi, öýe köwlenmäge-de maý boldy, howa salkynlady. Arkaýyn yzymyza aşyp bileris» diýip, atasy ýaňzydypdyr. Olar goşlaryny ýygnaşdyryp durkalar, heniz açylman galan bir çüýşe suwuň üstünden barypdyrlar. «Ata, seret, biz nähak ýere örtenipdiris. Ynha, bir çüýşe suw, bilenligimizde, salgymlara göz dikip, sary-sadylla bolup oturmazdyk» diýip, ogly dillenipdir. «Ýok, oglum, asla beýle däl. Biz bu gün bu ýerde durmuş sapaklarynyň birini öwrendik. Muňa meňzeş wakalar seniň öňüňde entekler kän peýda bolar. Birdenkä durmuş hadysa lary aljyradyp, çykalgalara suwsan mahalyň, seni öz girdabyna çekjek dürli-dümen salgymlar – bolar-bolmaz pikirler, düşünjeler, oňar-oňmaz teklipler peýda bolar durar. Şol pursatda aladalara ýesir düşen seriňi durlap, onsoň özüňe geregiňi dury akyl bilen saýlagyn. Çünki salgym suw bolup görünse-de, olar hiç wagt suwa öwrülýän däldirler. Belki, şol wagt sabyr etmelisiň, aldaýjy salgymlar gözden ýitip, hakyky aýdyňlyk bilen gurşalarsyň. Soňra ýene-de öz saýlan ýoluňa endigan dowam etjeksiň. Onsoňam, biz unutsagam, bizi unutmaýan ykbal bar ahyry, ykbalyň ýardamy bize aýny wagtynda şu bir çüýşe suw deýin ýeter durar» diýip, atasy bu wakalaryň syryny, sebäbini ogluna düşündiripdir.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Öňki makala

WATAN KÜÝSEGI

Indiki makala

GOWAKDAKY HAZYNA

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR