Golaýda şeýle ajaýyp şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalara “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan” ugur alyp, çagalaryň taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, çuňňur öwrenmegini gazanmak, milli mirasymyzy wagyz etmek we düşündirmek maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresini gurady. Çärede ýaş nesilleriň wekilleri şöhratly taryhymyza degişli bolan dürli eksponatlar, maglumatlar, ýazgylar, arheologiki tapyndylar, fotosuratlar bilen tanyş boldular. Nesilden-nesle geçip gelýän milli kesp-kär, sungat eserleri, maddy we medeni gymmatlyklarymyz olarda uly täsirleri galdyrdy. Şeýle gezelenç çäreleri ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýär.
Hurşida ATAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.