GOWAKDAKY HAZYNA

     Bir halypanyň şägirtlerine gürrüň beren wakasyna sizem gulak asyň. Ol ruhy peşgeşler bilen köňül baýlygyna ýeten kişiniň hem ýeke-täk bolgusyzja zada bagly bolmak zerarly nähili zelel görüp biljekligini düşündirmek isläpdir.

     Bir daýhan dag ýoly bilen gowagyň gabadyndan ötüp barýan eken. Hut şol pursat gowak gymmat bahaly genji bilen islendik kişini baý edip bilýän seýrek — jadyly ukybyny görkezipdir. Daýhan gowaga girip, dag bolup üýşüp duran lagly-jowahyrlary görüpdir. Ol howul-hara ýanyndaky torbalaryny doldurmaga durupdyr. Sebäbi ol şeýle hazynany gizleýän gowaklaryň örän az salymlyk açylýanlygy baradaky rowaýatdan habarly eken. Beýle bagty çüwen kişi hazynadan geregini, ýagny göterinip biljegini juda çalasyn alyp çykmalymyşyn. Gatyryny mas ýükläp, gowakdan çykan adam şeýle şowlulyga begenip hem ýetişmänkä gowakda hasasyny galdyranlygyny duýupdyr. Ol yzyna dolanyp, gowaga giripdir. Ýöne şol pursat gowagyň ýapylmaly wagty gelip, ol ýitirim bolupdyr. Şondan soň daýhany gördüm-bildim diýen bolmandyr. Bir-iki ýyl garaşyp, beýleki daýhanlar onuň gatyrynyň gerşinde gelen gymmat bahaly zatlary tapyp, ol işigaýdanyň hasabyna gurplanypdyrlar.

     Hekaýatyň hikmeti: Guş tokaýda höwürtge gurnanda, ol diňe birje şahany eýeleýär. Keýik teşneligini gandyranda, ol aşgazanyna ýerleşjeginden artyk suw içmeýär. Biz ýüregimiziň boşlugy üçin harsydünýälik edip, mal ýygmak bilen meşgullanýarys.

 

Terjime eden:

Orazmyrat MYRADOW.

Öňki makala

SALGYM

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR