Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap RÝNÝ bölümi, etrap zenanlar guramasy bilen bilelikde guramagynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, nika bozulmalaryň öňüni almak, maşgala ojagynyň mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. ‹‹Maşgala mukaddesligi – mertebe mekdebi›› ady bilen geçirilen çärä etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, eneligi we çagalygy goramak sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda halkymyz ata-babalarymyzdan miras galan maşgalanyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny milli däp-dessurlarymyz esasynda kämilleşdirýär. Jemgyýetiň ilkinji başlangyç esasy bolan maşgala mukaddesliginiň belent derejede goýulmagy edep-terbiýeden gözbaş alýar.
Hormatly Prezidentimiziň maşgala agzybirligi barada edýän atalyk aladalaryna jogap etmek, maşgala mukaddesligi gorap saklamak kämil jemgyýetiň özenidigi dogrusyndaky baý mazmunly gürrüňler duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.