Dillerimizde sena bolan, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri” diýip, buýsanç bilen gaýtalaýan jümlämiziň – beýik taglymatyň özeninde ägirt uly many bar. Ol şöhratly, merdana halkymyzyň, üstünde beýik-beýik taryhlar ýazylan gadymy ýurdumyzyň täzeden galkynmasyny, owazasynyň bütin dünýä ýaýylmasyny alamatlandyrýar. Bu jümläniň üsti bilen ata Watanymyzyň, nesillerimiziň has hem röwşen geljeginiň berk binýadynyň şu günlerde goýulýandygyny görmek bolýar. Bu döwür her bir raýatymyzy ata Watan üçin, halkymyzyň göterilen ykbaly üçin, geljek nesiller üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işlere öz goşandyňy goşmaga, Watanyň öňündäki perzentlik, döwletiň öňündäki raýatlyk borjuňy berjaý etmäge beýik çakylykdyr.
Ümmülmez älem giňişliginde millionlarça saýýaralaryň, ýyldyzlaryň Günüň daşynda hereket edýändigini hemmämiz bilýäris. Berkarar döwletimiziň öňe sürýän taglymatlary hem dünýäde parahatçylygy, ählumumy ösüşi berkitmek babatda umumadamzat bähbitlerinden ugur alýar. Şol sebäpli hem Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenmä, uly goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda dünýäniň daşary diplomatiýasynda “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýen adalga öwrülen jümlä ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Her gezek hem bu belent ykrary täsin tolgunma, beýik buýsanç bilen kabul edýärsiň. Çünki bu taglymatyň hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyndan, öňden görüjilikli başlangyçlaryndan binýat bolandygyny bütin dünýä ykrar edýär.
Bu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň tarypy dowamata uzaýar. Biz beýik paýhas, ýiti zehin bilen şany asyralara ýaýyljak işleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda ýaşaýarys.
Galkynyşdan galkynan, Hakdan ýalkanan keremli topragymyzyň ajaýyp künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň beýik söýgüsinden binýat bolan Arkadag şäheri köňüllere, ýüreklere ylham berýär. Bu ajaýyp şähere geljegiň, ýaşlygyň şäheri hökmünde baha berilmeginde hem uly many bar. Çünki Arkadag şäheri ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, ruhy gymmatlyklarymyzyň hem-de baý taryhymyzyň ajaýyp däpleriniň döwrebaplyk bilen sazlaşygyny öz binagärlik keşbinde şöhlelendirýän häzirki zaman şähergurluşygynyň kämil nusgasy hasaplanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyndan, egsilmez yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheriniň bir ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň şowhuny äleme doldy. Taryhy pursatda Asman jisimlerini öwrenýän “Kosmos-Ýer” jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine "Arkadag" diýip at goýandyklary baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy bolsa täze taryhy döwrüň at-owazasynyň älem-jahana ýaýylýandygyny, abraý-mertebesiniň has hem belende göterilýändigini ýene bir ýola bütin dünýä äşgär etdi.
Pederlerimiziň “Gudrat görseň daglara bar” diýen pähimi bar! Emma her bir güni bagtyýarlyga beslenýän, beýik özgertmeleriň amala aşyrylýan ajaýyp döwrümizde halkymyzyň arasynda: “Gudrat görmek isleseň, gojaman Köpetdagyň eteginde sanlyja ýylda peýda bolan Arkadag şäherine baryň!” diýen buýsançly jümle hem döräpdir. Bu jümle – buýsançly ýürekleriň köňül kelamy! Halkyň zybanyndan çykan söz bihal däl! Sözüň doly manysynda, Arkadag şäheri ýurdumyzyň täze taryhy döwrüniň gudraty, keremi bilen bina bolan ajaýyp şäher. Bu gudratda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň älem ýaly giň paýhasy, dag ýaly mizemez yhlasy bar. Arkadag şäherini döwrüň beýik gudraty, iň iri şähergurluşyk taslamasy hökmünde bütin dünýä ykrar edýär. Munuň şeýledigine asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine “Arkadag” diýlip at goýulmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin.
«Arkadag» ýyldyzyna degişli güwänamanyň, teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy Pegas ýyldyzlar toparyna degişli ýyldyz baradaky maglumatlar bilen ilaty, aýratyn hem ýaş nesli giňden tanyşdyrmakda ähmiýetlidir. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, fizika-matematika, tehniki ylymlar, astronomiýa boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýan bu uniwersitetde asman jisimlerine gözegçilik etmek, olary öwrenmek babatda hem zerur mümkinçilikler bar. Ýokary okuw mekdebinde astronomiýa hünärini öwrenýän talyplar halypa mugallymlardan alan nazary bilimlerini uniwersitetiň degişli binalarynda bar bolan teleskoplardan peýdalanmak, şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň obserwatoriýasynda geçirilýän gözegçilikler arkaly tejribede berkidýärler. Munuň özi ýaş nesliň ösen tehnologiýalara erk edip bilýändiklerini, nazaryýetde alan bilimlerini tejribede has-da kämilleşdirýändiklerini ýene bir ýola açyp görkezýär.
Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda merdana halkymyz ösüşiň, abadançylygyň we dost-doganlygyň asylly ýoly bilen öňe barýar. Bu ýolda Gahryman Arkadagymyzyň: “Öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!” diýen belent şygary güýç-gaýrat, egsilmez ylham bagyşlaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başynda duran beýik işleri mundan beýläk hem edil «Arkadag» ýyldyzy ýaly röwşen günlerimize nuruny çaýsyn! Halkymyzy Gün kimin çoýýan, ýollarymyzy ýyldyz bolup ýagtyldýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun!
Mämmetöwez ATAÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar
beriş bölüminiň esasy hünärmeni.