“MASLAHATLY BIÇILEN DON GYSGA BOLMAZ”

     Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmeklige giňden taýýarlyk görülýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde bu maslahatyň ägirt uly taryhy ähmiýeti bar. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu günler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarydyr syýasy partiýalary tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini giňden wagyz etmek, bu syýasy-jemgyýetçilik çäresine her bir adamyň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary yzygiderli guralýar.

     Şeýle çäreleriň biri-de şu gün Arkadag şäheriniň Oba hojalyk müdirliginde, Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi. «Halk maslahaty – milli däpleriň gözbaşy» ady bilen geçirilen bu maslahatda Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Olarda türkmençilik ýol-ýörelgeleri esasynda geçirilýän Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, döwrebap mümkinçilikleri, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda buýsançly gürrüňleri etdiler. Şeýle hem halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY