Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, dürli sport bäsleşikleri we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar sportuň atletika görnüşi boýunça bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny, çalasynlyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýaş nesillerimize şular ýaly bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşatmak üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunymyzy aýdýarys!
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.