Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwlet Garaşsyzlygynyň, ösüşli ýollarymyzyň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip, türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de çözgütleri kabul etmäge jemgyýetimiziň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň girewi bolan agzybirligi, jebisligi has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyndan gelip çykýan wezipeler barada durlup geçildi.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günleriniň öňüsyrasynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde geçiriljek döwletli Maslahatda täze taryhy döwürde gazanylan üstünlikleriň netijeleriniň jemlenjekdigi, şeýle-de ýurdumyzyň ählumumy ösüşlerini mundan beýläk hem ilerletmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak barada welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan gatnaşjak jemgyýetçilik wekilleri bilen maslahatlaşyp, il bähbitli, ýurt ähmiýetli kararlaryň we döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigi barada çykyş edenler bellediler we häzirki ajaýyp döwürde türkmen halkynyň agzybirligini pugtalandyrmakda, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde döwletimiziň demokratik ýörelgelerini häzirki zaman talaplaryna laýyklykda berkitmekde dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de täze taryhy eýýamda bu ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, röwşen ömürleriniň uzak bolmagyny, aýdyň maksatly tutumly işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Didar GELDIÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.