MILLI MIRASYMYZ - GÖZ-GUWANJYMYZ

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ene-mamalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy, el işlerimizi ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Milli mirasymyz – göz-guwanjymyz» şygary bilen, söhbetdeşlik  gurady. Oňa Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy baradaky durýan belent maksatlar, umumybilim berýän orta mekdeplerde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklary, bu ugurda geçirilýän ýörite bäsleşikler, ýaşlarda zähmetsöýerligi, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, olaryň ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagyny gazanmak, waspy dünýä ýaň salan gadymy haly nagyşlarymyzyň inçe syrlaryny nesilden-nesle geçirmek, gelin-gyzlaryň haly sungatyna bolan höwesini artdyrmak, işjeňligini ýokarlandyrmak, ukyp-başarnygyny we zehinini açyp görkezmek, çeper elli halyçy gyzlary ýüze çykarmak maksatly durmuşa geçirilýän taryhy işler, milli el keşdelerimiz barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.

     Bu “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

 

Şemşat SÄHETGULYÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.