Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragy nusgawy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döretmegi başaran şahyrdyr» diýlip nygtalyşy ýaly, beýik şahyryň döredijiligi halkymyzyň ruhy-edebi dünýäsi bilen bitewüligi, sazlaşygy emele getirýär.
Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dürli döwürlerde bu ugurda düýpli ylmy işler, monografiýalar, tekstologik derňewler edildi. Magtymgulyny öwreniş ylmynyň taryhynda B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, B.Garryýew, G.O.Çaryýew, Z.B.Muhammedowa ýaly onlarça türkmen alymlary hem uly işleri bitirdiler. Bu gün olaryň işleri döwrümiziň zehinli edebiýatçylary tarapyndan dowam etdirilýär. Şeýle işleriň hatarynda alymlar Ahmet Bekmyradowyň «Magtymgulynyň şahyrlyk dünýäsi» atly monografiýasyny, Muhammetnazar Annamuhammedowyň «Magtymguly, gizlin syryň bar içde» atly iki jiltlik kitaplaryny, alym Aman Şyhnepesowyň «Magtymgulynyň älemi» atly ylmy-derňew işini görkezmek bolar.
Şahyryň baý edebi mirasy bilen gyzyklanan daşary ýurtly edebiýatçy alymlaryň ençemesi soňlugy bilen halkymyzyň ruhy-medeni mirasynyň hakyky janköýerlerine öwrüldiler. Olardan türkmen söz sungatyny, Magtymgulynyň döredijiligini öwrenen A.Wamberi, W.W.Bartold, Ý.E.Bertels, L.N.Samoýlowiç, L.Klimowiç ýaly edebiýatçylary, galyberse-de, onlarça türk, özbek, garagalpak, täjik, gazak, gyrgyz, azerbaýjan alymlaryny görkezmek bolar.
Taryhy maglumatlara görä, XIX asyrda türkmen topragyna syýahat eden Armeniý Wamberi: «Türkmenleriň arasynda dutar çalyp bilmeýäni ýok. Her gün agşamara küren oba bolup, hatar oturan ak öýlerden jadyly sazlaryň ýaňlanmagy, Magtymgulynyň şygyrlarynyň belent heňde okalmagy türkmenleriň durmuş endigine öwrülen ruhy ýörelgelerdir» diýip ýazmak bilen türkmen halkynyň watanperwer şahyryna goýýan sarpasynyň näderejede belentdedigini aýdyň beýan edýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köpgyraňly bolup, olaryň naýbaşysy hem watançylyk temasy bolup durýar. Şahyryň ata Watana, ene topraga, agzybirlige, ynsanperwerlige, päk ahlaklylyga bagyşlanan eserleri, ebedi pikir-garaýyşlary kämilligiň belent nusgasy bolmak bilen, diňe bir halkyň däl, bütin adamzada mahsus ideýalary nazarlaýar. Pyragy öz Watanyny, mähriban halkyny, olaryň beýikligini, buýsanjyny we köňül sahawatyny, watanperwerligini, erkinlige bolan söýgüsini hem-de gaýduwsyzlygyny wasp etdi. Bu edebi we ebedi mirasy bütin adamzat özüne, öz ruhuna mahsus gymmatlyk hökmünde kabul etdi. Çeper eseriň gymmaty, ölmez-ýitmezligi hem şonda.
Magtymgulynyň goşgularynda şahyryň hem-de Watanyň ykballaryny biri-birinden aýryp bolmaýar. Bu bolsa türkmen halky üçin geljege barýan şol ýolda ýalkym saçyp duran şamçyragdyr:
Magtymguly, ilinde,
Bilbil saýrar gülünde,
Il-ulusyň dilinde
Meniň misgin hadysym.
Welilik bilen aýdylan bu sözler şahyryň edebi mirasyna hökümini ýöredip bilmedik döwürleriň we çäkleriň üstünden ätläp, bu günki gün hakykata öwrüldi. Ýüregiň emri bilen kemala gelen setirler bütin sebitiň halklarynyň ruhy durmuşyny täze pelsepe bilen baýlaşdyrdy.
Beýik şahyryň döredijiliginde hem-de dünýägaraýşynda röwşen geljege bolan ynam has-da belent ýaňlanýar. Bu babatda şahyryň «Türkmen binasy», «Türkmeniň», «Gürgeniň» ýaly ajaýyp şygyrlarynda aýratyn beýan edilýär. Bu ynam Magtymgulynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Bu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Magtymgulynyň arzuwlary wysal bolup, «çoh garaşan ajap eýýamy» geldi. Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý-mertebesini tug deýin göterip, halkymyzy ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Hezretguly BÄŞIMOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyñ mugallymy.