Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Pyragynyň arzuwlan zamanasynda häzirki wagtda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimizde türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaranyň işjeňligini has-da ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiniň Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde geçiriljekligi aýratyn mana eýedir. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu günler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini giňden wagyz etmek, bu syýasy-jemgyýetçilik çäresine her bir adamyň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary yzygiderli guralýar.
Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginde Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi. «Halk maslahaty – milli däpleriň gözbaşy» ady bilen geçirilen bu maslahatda Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, aýratyn-da bu syýasy jemgyýetçilik çäresinde ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy babatda öňde durýan wezipeler barada gürrüňdeş boldular. Şeýle hem halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.