Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna «Geçmişiň ýaňy – geljege şugla» ady bilen, gezelenç gurady. Bu çäre «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de ýaşlaryň milli mirasymyza, taryhymyza, gadymy ýadygärliklerimize bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirildi. Gezelençde goraghananyň ýörite wekili ýaşlara Köneürgenç topragynda ýaşap geçen beýik şahsyýetler, alymlar, ulamalar barada giňişleýin gürrüň berdi. Nesilden-nesle geçip gelýän milli kesp-kär, sungat eserleri, maddy we medeni gymmatlyklarymyz gezelenje gatnaşanlarda unudulmajak täsirleri galdyrdy.
Gezelenç çäresine gatnaşyjylar taryhy gymmatlyklarymyza we milli mirasymyza belent sarpa goýup, geljekki nesillerimize wagyz etmäge hem-de dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Şamyrat PIRMÄDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.