Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi TZB-niň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde, Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda «Halk Maslahaty – döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatda ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda edilen çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden belleniljek ýurdumyzyň Baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän ýokary derejedäki taýýarlyk dogrusynda giňişleýin aýdyldy. Şeýle-de, geçiriljek mejlisde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemleniler hem-de häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar diýlip, bellenildi.
Maslahata gatnaşanlar halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Gülendam SIBULLAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş buhgalteri.