HAZAR-PARAHATÇYLYGYŇ WE YLALAŞYGYŇ DEŇZI

     Biziň ýurdumyzda ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda Hazaryň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy görnüşlerini, örän baý bioköpdürlüligini gorap saklamak boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hazar deňzi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döredilen ekologiki kanunçylyk ulgamy döwlet tebigaty goraýyş syýasatyny netijeli amala aşyrmaga we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Esasy üns Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz gurşawyny goramaga berilýär. Ýeri gelende bellesek, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsi özüniň örän ajaýyplygy, täsinligi bilen dünýä ylmynda uly gyzyklanma döredýär. Häzirki wagtda Hazar deňzi asudalygyň, parahatçylygyň we agzybirligiň sebiti hökmünde tanalýar. Şol bir wagtda syýasy, ykdysady, söwda, ekologik, ynsanperwer gatnaşyklaryň ýylsaýyn ösýän merkezi bolup durýar.

     Taryha ser salsak, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa güýje girdi we şol gün «Hazar deňziniň güni» diýlip yglan edildi. Bu taryhy seneden bäri her ýylyň 12-nji awgusty dostluk deňziniň güni hökmünde bellenilýär. Kenarýaka ýurtlaryň her ýyl belleýän bu baýramy deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerine, özboluşly ekoulgamyny goldamaga we gorap saklamaga gönükdirilendir. Hazarýaka döwletleri gojaman deňziň daşky gurşawyny goramaga aýratyn ähmiýet berýärler. Biziň ýurdumyz ähli ykdysady we önümçilik işlerinde sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşaw meselesinde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ykrar edilen halkara ülňülerine laýyk gelmelidigi bilen baglanşykly garaýşa ygrarlydyr.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy» atly ajaýyp ýylymyzda hem Hazar deňziniň güni mynasybetli Hazaryň türkmen kenaryny jähekläp oturan Awaza Milli syýahatçylyk zolagyndaky Berkarar myhmanhanasynda «Hazar deňzi – durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, şeýle-de Hazarýaka döwletleriniň we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Hazar deňziniň güni mynasybetli guralan çäre oňa gatnaşyjylarda we myhmanhanalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, Ýer ýüzüniň bu täsin tebigy merjenini gorap saklamak ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy.

 

Güljemal BAÝLYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY