MYHMANLARA GUJAK AÇÝAR AWAZA

     Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda Hazaryň gözel kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň okgunly gülläp ösüşi barada «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine çykarmagyň strategiki meýilnamalary bilen gönüden-göni bagly bolup, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem deňizýaka sebitinde hem syýahatçylygyň pajarlap ösmegine kuwwatly itergi berendigi, ol ýerde gurlup ulanylmaga berilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän myhmanhanalaryň diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem birnäçe daşary ýurtdan dynç almana gelen syýahatçylaryň hem ýokary derejede dynç almaklaryny üpjün edýändigi barada täsirli çykyşlar edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halky üçin şeýle döwletli döwrany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar

beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Fewral 2025 | 27 okalan

GYZYKLY GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

10 Fewral 2025 | 221 okalan

BIZ OWAZ BILEN

10 Fewral 2025 | 201 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI