Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz serhet birikmesiniň 2112 harby bölümi bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Milli mirasymyz nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjidir» ady bilen, gezelenç gurady. Halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny, ata-babalarymyzyň bize goýan ylmy-edebi miraslaryny ýaşlara düşündirmek, olaryň geçmişde yz goýan taryhy şahsyýetlerimize, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza bolan söýgülerini artdyrmak maksady bilen geçirilen gezelenç çäresine bu serhet birikmäniň çagyryş boýunça harby gullukçylary gatnaşdylar. Ýaş harby gullukçylar muzeýde halkymyzyň şöhratly taryhyndan söz açýan eserler bilen tanyşdylar. Muzeýiň ýörite wekiliniň beren gürrüňleri çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Arazgül MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.