Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi barada gürrüňler edildi. Şeýle hem duşuşykda edilen çykyşlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy we 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüňler eriş-argaç bolup geçdi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Pirnazar REJEPOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.