MERTLER WATANY BEÝGELDÝÄR

     Il içinde «Ata Watan, ene toprak mukaddesdir» diýlen parasatly sözleri kän eşidýäris. Çünki paýhasly pederlerimiz bu dürdäne setirleriň üsti bilen öz perzentlerine ata Watany goramagy, ene topragy söýmegi, Watanyň mukaddesliginiň gymmatyny bilmegi ündäpdirler. Terbiýe babatdaky gürrüňimizi has aýdyňlaşdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndaky pelsepewi pikirler ýaşlara nusgalyk çeşmedir. «Adatça, mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň hut özi ýaşlara watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýär. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly-da her birimize görelde alarlykdyr. Bular dogrusynda Lebap welaýat kitaphanasynda halkyň wepaly perzendi, parasatly peder Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür we durmuş ýoluna bagyşlanyp guralan tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde hem täsirli gürrüňler edildi.

     «Watan ogluny Watan unutmaz!» diýen at bilen geçirilen söhbetdeşlikde özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aganyň manyly ömrüniň dowamynda ata Watanyň parahatçylygy, il-günüň abadançylygy we agzybirligi ugrunda bitiren hyzmatlary dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Ýaşlara watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezen beýik il ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik ýaşar.

 

Owadan BABAGULYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 18 okalan

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK DÄPLERINE EÝERIP

22 Noýabr 2024 | 15 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

20 Noýabr 2024 | 5941 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER