TÜRKMEN KARATEÇILERI MANILADA GEÇIRILEN AZIÝA ÇEMPIONATYNDA ÜÇ BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDYLAR

     Türkmen karateçileri Filippinleriň paýtagty Manilada 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen 22-nji Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsini eýelediler.

     22 — 25-nji awgustda geçirilen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň toparyna türgenleriň 10-sy, tälimçileriň 2-si we halkara derejeli eminleriň 3-si wekilçilik etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

     Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ilkinji medalyny Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew kadetleriň arasynda kumite boýunça geçirilen ýaryşda eýeledi. Ol 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Bu agram derejesinde türgenleriň 18-si bäsleşdi.

     Çempionatyň ahyrky güni kumite boýunça 21 ýaşa çenli ýaş toparynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýene iki bürünç medal gazandy. Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň türgeni Magtymguly Annaýew 55 kilograma çenli agram derejesinde we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Nazmyradow 75 kilograma çenli agram derejesinde üstünlik gazandy.

     Häzirki wagtda türgenleriň ikisi-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynda baş tälimçi, gara guşagyň bäşinji danynyň eýesi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler.

     Bütindünýä Karate federasiýasynyň we Aziýa karate federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryşa 30 ýurtdan 561 türgen gatnaşdy.

 

turkmenportal

27.08.2024ý.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 0 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR