MAGTYMGULY, SÖZLE BU ŞIRIN DILDE!

     Düýn Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly, sözle bu şirin dilde» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan bagşyçylyk sungaty milli aýdym-saz sungatynyň özboluşly ugry bolup, bu sungat Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan milli aýdym-saz sungatymyzy düýpli öwrenmek we giňden dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

     Türkmen halk aýdymlary bilen bilelikde Magtymgulynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýörgünli. Gadymy mirasly halkymyzyň ýokary ahlak we watansöýüjilik häsiýetleri jemlenen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli aýdym we saz medeniýetimizi has hem baýlaşdyrdy. Tirmeçi bagşylar ol şygyrlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Halypalardan şägirtlere geçip gelýän bu gadymy sungat häzirki döwürde hem öz ajaýyp ýoluny dowam edýär. Şahyryň döreden çuň mazmunly şygyrlary türkmen bagşylary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilip, diňleýjileriň köňül küýsegine öwrülip toý-dabaralary bezäp gelýär.

     Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara hem akyldar şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetiriji bagşy-sazandalary bir ýere jemledi. Dabarada bagşylar: Ahal welaýatyndan D. Rejepow, W. Nurmuhemmedow, A. Idrisow, Balkan welaýatyndan Ş. Dawudow, Daşoguz welaýatyndan B. Berdinazarow, Lebap welaýatyndan Türkmenistanyň halk artisti G. Öwezow, Mary welaýatyndan Ş. Çarwaýew, Arkadag şäherinden Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Ö. Amanow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan Türkmenistanyň halk artisti Ş. Hojaýewa, konserwatoriýanyň talyby K. Nyýazow akyldar şahyryň sözlerine döredilen aýdymdyr sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabara şahyryň meşhur “Türkmeniň” goşgusyna döredilen aýdym bilen jemlendi.

     Şahyryň adyny göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarowyň akyldar şahyryň keşbini janlandyryp, Magtymgulynyň şygyrlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi çäräniň şowhunyny, tasirliligini has hem artdyrdy.

     Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlarymyzyň ählisinden bagşylaryň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara türkmen sungatynyň ýeten ýokary derejesini şöhlelendirip, türkmeniň mahmal owazyny äleme ýaýdy.

     Dabara gatnaşanlar türkmeniň goşa tarly dutary bilen dünýäni haýrana goýýan bagşyçylyk sungatynyň ösdürilmegi we parahatçylygy ündeýän bu sungatyň dünýä ýaýylmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutumly, döwletli we maksatly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

DIDAR GELDIÝEW

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiňesasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY