Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň Magtymguly Pyragy muzeýinde bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy» atly şygar bilen bilimler we talyp ýaşlar gününiň ähmiýetini ýaşlarymyza wagyz etmek maksady bilen, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirdi.
Şöhbetdeşlikde edilen çykyşlarda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi hem-de maksatnamada görkezilen ähli ugurlar barada, «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýaşlara ylymyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça Internet ulgamynyň elýeterli bolmagyna gönükdirilen işleri dowam etmek hem-de oňa ýaşlary işjeň çekmek, mundan başgada ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemekde, olara döwrüň talaplaryna görä bilim bermekde mugallymlara berilýän ynamyň ýokarydygyny bellediler. Olar ýaş nesilleriň kämil bilim almaklary üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň gurulup ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamynyň we edýän aladalarynyň subutnamasydygyny buýsanç bilen aýtdylar.
Çykyşlaryň her birinde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Bägül BOÝALYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Magtymguly
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.