BILIMLI ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizi ähli ugurlar boýunça dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak babatynda döwlet Maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da ösdürmek, geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda kabul edilýän döwlet Maksatnamalary kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda bilim ulgamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, okuw-usulyýet binýadynyň pugtalandyrylmagy, okuw kitaplarynyň usuly gollanmalaryň has-da kämilleşdirilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagynyň, eziz Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeginiň mizemez kepilidir.

     Bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuna ýugrulan durmuş ýörelgelerini, asylly milli däplerimizi mynasyp dowam etdirmek hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerinden ruhlanýan bilim işgärleri watançy esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirip, ýaşlara döwrebap bilim bermek, olary milli ruhda terbiýelemek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

     Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda bilim we terbiýeçilik işlerini dünýä derejesinde kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Ýaş nesliň nurana geljegi ugrunda hormatly Prezidentimiziň edýän bu tagallalary ata-babalarymyzyň miras galdyran durmuş ýörelgelerine wepaly, bilim almaga höwesli ýaşlaryň kemala gelmegine oňaýly şert döredýär. Netijede, ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyp ýaşlary halkara ders olimpiýadalarynda, ylmy döredijilik bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024—2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde täze binalaryň, şol sanda, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň täze binalarynyň açylyş dabaralary joşgunly aýdym-sazly çäreler bilen utgaşýar. Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan täze kompýuterleriň gowşurylmagy mugallymlaryň, bilim işgärleriniň we ähli halkymyzyň kalplaryny buýsanja besleýär.

     Halkymyzy eşretli durmuşa eýe eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de il-ýurt bähbitli beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Manzura BERDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň kätibi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY