ENÄ TAGZYM – MUKADDESLIGE TAGZYM

     Eneler dünýäniň görki, ojagyň diregidir. Olary hormatlamak, mertebesini belentde saklamak halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň biri hasaplanýar. Enäniň görüm-göreldesi, ýol ýörelgesi ýaş nesillere terbiýe mekdebi bolup durýar. Ene mukaddesiligi beýik söz sungatynyň, halk döredijiliginiň üsti bilen beýan edilýär. Çünki ene – ýaşaýşyň gözbaşy, ähli zadyň sakasy hökmünde arzylanýar. Olaryň waspyny etmek, mertebesini beýgeltmek her bir perzendiň mukaddes borjudyr. Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan dörän «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eseri dünýämize öwüşgin çaýyp, enelerimiziň sarpasyny has-da beýgeltdi. Ene mukaddesligini dolulygyna açyp görkezýän bu ajaýyp eser diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä halklarynyň hem gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Paýhas çeşmesi bolan kitaplaryň dünýä dillerine terjime edilmegi halkmyzyň maddy we medeni mirasynyň bütin älemde dabaralanmagyna ýardam edýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly üç dilde neşir edilen kitabynyň pars diline terjime edilmegi biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Mälim bolşy ýaly, 28-nji awgustda Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Tähranda «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgünde Prezident Masud Pezeşkian bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Masud Pezeşkian Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynda dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline edilen terjimesini sowgat bermegi iki ýurduň arasyndaky dostlugy pugtalandyrýan taryhy waka öwrüldi. Beýikleri dünýä inderen beýikligi wasp edýän bu eseriň pars diline terjime edilmegi doganlyk ýurduň giň okyjylar köpçüligi, şeýle hem pars dilini kämil derejede öwrenýän türkmen ýaşlary üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.

     Zer ýalkymly ajaýyp eserde Ogulabat ejäniň durmuş ýoly we türkmenleriň özboluşlylygynda aýrylmaz beýanyny tapan, Watana wepaly, mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam edýän gymmatlyklar barada gürrüň berilýär.

     Gahryman Arkadagymyz özüniň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eserinde şeýle belleýär: «Dünýä eneleriň mähribanlygyndan nurlanýar. «Ene» düşünjesinden «ene ýer», «ene toprak», «ene dil» ýaly söz düzümleri emele gelýär. Enäniň dünýäniň başlangyjy bolmagy hakyndaky düşünje, bu mähriban ynsanyň ýaratmak bilen umumylygyň, dünýäde dörediji hökmündäki tebigy häsiýetlendirilmesiniň gözbaşydyr. Eneleriň bahara meňzedilmegi hem şonuň üçindir...»

     Ýurdumyzda zenan mertebesini belende galdyrmak ugrunda paýhasly syýasaty alyp barýan, dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary has-da berkidýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

D.Azady adyndaky Türkmen milli

dünýä dilleri institutynyň magistranty,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY