Ýaşlyk ynsanyň durmuşynda iň bir bagtly döwürleriň biridir. Bagtdan paýly bagtyýar ýaşlar bu günki gün Gahryman Prezidentimiziň saýasynda kämil bilim alýarlar, kämilleşip, döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler. Munuň üçin, Gahryman Prezidentimiz ähli oňaýly şertleri we amatlyklary döredip berýär. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, ýaşlaryň döwrebap şertlerde bilim almagyna, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine giň ýol açylýar. Mümkinçilikleriň giň gurşawynda ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy Karary esasynda tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlarynyň bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmegi üçin oňaýly mümkinçilikleri döretmegi, olarda watançylyk söýgülerini ösdürmegi, ynsanperwerligi, zähmete söýgüni terbiýelemegi ugur edinýär. Kanunyň kabul edilmegi döwletimiziň ýaşlar hakyndaky aladasynyň belent derejede durýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Kanunda ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, olaryň sagdyn bolmagyny gazanmak boýunça uly işlere möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem, saglyk ulgamynyň hyzmatlaryndan giňden peýdalanmaga döredilýän mümkinçilikler, bu ugurda olaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy we döwletimiziň berýän goldawy aýdyň beýanyny tapýar. Ýaşlaryň sagdyn bolmagy, saglygyny berkitmegi üçin döredilýän giň gerimli mümkinçilikler döwletimiziň berk binýatly geljeginiň kemala gelýändigini aýdyň görkezýär. Maksatnama hem öz nobatynda şeýle belent maksatlary öňde goýýar. Bimöçber aladalary we döredýän giň mümkinçilikleri üçin ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirýärler.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasaty we onuň bu ugurdaky şahsy göreldesi ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde, türkmen ýaşlarynyň kämil nesiller bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýeti bardyr. Özleri hakynda edilýän aladalara oňat düşünýän ýaşlar umumy bir maksada gulluk edýärler: okamak, öwrenmek, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mynasyp nesilleri bolup ýetişmek.
Kanunda ýaşlara dünýä ülňüli şertlerde bilim bermegi üpjün etmek we hut şu esasda döwrebap, giň dünýägaraýyşly we kämil bilimli ýaşlary ýetişdirmek boýunça döredilýän mümkinçiliklere hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara döwlet goldawyny bermek esasy maksatlaryň birine öwrülýär. Ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny goldamak we ösdürmek, olaryň döredijilik işjeňligini kemala getirmek, şeýle hem kämil hünärmenleri ýetişdirmek hem bilim ulgamynda ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikleriň esasyny düzýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport boýunça halkara hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Ýurdumyz gysga taryhy döwrüň içinde sporty ösdürmek bilen, halkara ýaryşlaryna gatnaşýan döwlet bolmak bilen çäklenmän, şeýle ýaryşlary kabul edýän döwlet hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar. Kalby bagtyýarlyga beslenen tälimçiler we türgenler belent sepgitleri nazarlap barýan türkmen sportunyň at-abraýyny barha belende galdyrýarlar. Şunlukda, halkara giňişliginde üstünlikli we netijeli çykyş edýärler. Altyn, kümüş we bürünç medallaryň sany bolsa, günsaýyn artýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport bilen meşgullanmagy, medeniýetli dynç almagy, wagtlaryny many-mazmunly geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, döwrüň belent ruhunda Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi, ýaşlaryň boş wagtlaryny many-mazmunly geçirmegini gazanmak dogrusyndaky işleriň netijenamasydyr. Olar öz wagtlaryny dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan orun alan kitaplary okamak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, dil endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, ýörite okuwlara gatnaşmak we beýleki möhüm ähmiýetli asylly goşantlary bilen baýlaşdyrýarlar.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy kemala gelýän ýaş nesilde watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk, dostluk-doganlyk, birek-birege raýdaşlyk, ýardamsöýerlik, wepalylyk, jomartlyk, salyhatlylyk, medeniýetlilik ýaly belent ynsanperwer ýörelgeleriň çygrynda döwrebap sazlaşygy ösdürmek ugrunda goşant goşýar. Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, syýasy we medeni durmuşa işjeň goşulyşmagy, hünär saýlap we bu ugurda yhlasly bilim alyp kämilleşmegi üçin döwletimiz uly goldaw berýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, biz – ýaşlary öňümizde belent maksatlar goýup, bu babatda has-da netijeli işleri alyp barmaga borçlandyrýar.
Altyn HOJAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.