«Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Ykdysadyýetde, medeniýetde, sungatda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde gazanylýan üstünlikler hemmeleri haýrana goýýar. Şeýlelikde dünýäde abraý-mertebesi düýpgöter özgerýän ýurdumyzda halkymyz bolelin hem bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar.
Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuknamalar ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýär. Şol sanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň mysaldyr. Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda yglan edilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk bolsa, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň giň gerimde rowaçlanýandygyny aýdyň äşgär edýär.
Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň köpsanlysy geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri-de, düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirildi. Akademiýanyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň, halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede Akademiýanyň, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Kärizek etrap Prokuraturasynyň, Kärizek etrabynyň Kazyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklaryň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Saglygy goraýyş müdirliginiň wekilleri täsirli çykyşlary etdiler we ýol hereketine gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary dogrusynda gymmatly maslahatlary berdiler.
Mekan AMANLYÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.