Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bäherden tokaý hojalygynyň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda etrabyň medeniýet öýünde ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak we tebigata aýawly garamak boýunça garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda bolan duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hünärmeni Söhbet Hojamuhammedowyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bäherden tokaý hojalygynyň hünärmeni Maýsa Garaýewanyň ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa syýasaty hakdaky giňişleýin çykyşlary has-da täsirli boldy. Bellenilişi ýaly, tebigata aýratyn gadyr-gymmat goýýan halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Ynsan saglygyny goramak, jemgyýete sagdyn durmuş endiklerini giňden ornaşdyrmak işi tebigy gurşawyň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylýar. Dünýä derejesinde öň hatara çykýan ekologiýa meseleleriniň çözülmegi nukdaýnazaryndan milli ýörelgelerimize eýerilip, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetliliginiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
Täsirli geçen duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gazanmak ugrunda giň göwrümli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.