ÝAŞLAR — DÖWLETIŇ GELJEGINIŇ KEPILI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde ýaşlaryň bilimli, zähmetsöýer, watansöýüji we jemgyýete peýdaly şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlan döwrebap bilim edaralary, sport desgalary hem-de medeni merkezler ýaşlara öz zehinini doly açmaga şert döredýär.

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty halkara derejesinde hem uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda BMG, ÝUNESKO, hem-de beýleki abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşmagyna ýol açýar.

Ýaşlar jemgyýetiň täze mümkinçilikleriniň döredijileri bolup durýar. Olar ýurdumyzyň ykdysady, durmuş we medeni ösüşiniň öňdebaryjylary bolup çykyş edýärler. Şonuň üçin hem ýaş nesliň terbiýesi, bilim derejesi, jemgyýetdäki işjeňligi döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde öňe sürülýär.

Umuman, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty Türkmen döwletiniň parahatçylyk, ösüş we ösüşiň dowamlylygyny üpjün edýän strategiýasynyň möhüm sütüni bolup durýar.

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Noýabr 2025 | 37 okalan

ÜÇDEN BIRI ÄHTIMAL...

13 Noýabr 2025 | 42 okalan

ÝAŞLAR — DÖWLETIŇ GELJEGINIŇ KEPILI